HG: Eýranyň prezidenti, daşary işler ministri dikuçar heläkçiliginde öldi

Описание к видео HG: Eýranyň prezidenti, daşary işler ministri dikuçar heläkçiliginde öldi

Şu günki programmamyzda:

- Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi we onuň ýoldaşlary, şol sanda daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian Eýranyň demirgazyk-günbatarynda, dikuçar heläkçiliginiň bolan ýerinde öli tapylanyndan soň, Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi birinji wise-prezident Muhammad Mohberiň ýurduň ýerine ýetiriji prezidenti bolandygyny tassyklady.

- Lebap welaýatynyň çetki etraplarynda orta mekdeplerden uçurym bolýan okuwçy ýaşlar heniz jemleýji döwlet synaglary tamamlanmanka, harby gulluga çagyryş hatlaryny kabul edip başlady.

- Türkmenistanda Gurban baýramyna bir aýdan hem az wagt galanda, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri şu ýylyň haj möwsüminde Saud Arabystany patyşalygyna iberiljek adamlary ýygnamak boýunça “zyýarat ýollanmalaryny” satyp başlady.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке