HG: Balkanda bugdaý meýdanlaryny pişikguýruk basýar

Описание к видео HG: Balkanda bugdaý meýdanlaryny pişikguýruk basýar

Şu günki programmamyzda:

- 9-njy maýda Ikinji Jahan uruşynyň tamamlanmagynyň 79-njy ýyl dönüminde Moskwadaky harby parada gatnaşan Türkmenistanyň prezidenti döşüne rus ýolbaşçysynyňky ýaly georgiý lentasyny dakynyp çykdy. Şol gün türkmen paýtagtynda Orsýetiň harby-patriotik propagandasynyň bir bölegi bolan "Bessmertnyý polk" ("Ölmez-ýitmez goşun") atly ýöriş geçirildi. Emma welaýatlarda georgiý lentasyny dakynan adamlara basyş edildi. Aşgabatly syýasy bilermenler türkmen režiminiň Ýeňiş baýramy baradaky gapma-garşylykly syýasaty barada pikir paýlaşdylar.

- Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň bugdaý ekilen meýdanlaryny pişikguýruk basýar, süle ýaly haşal otlar köpelýär. Oba hojalyk hünärmenleri bu ýagdaýy ideg işleriniň üpjünçiligi bilen bagly problemalar, şeýle-de ekerançylyk meýdanlarynda ekin çalşygynyň öz wagtynda geçirilmezligi bilen baglanyşdyrýarlar.

- Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi 8-nji maýda giçlik paýtagt Tbiliside “Daşary ýurt agentleri” diýilýän kanun taslama garşy geçirilen ýörişiň dowamynda, üç protestçä, şol sanda oppozision bir syýasatça edilen hüjüm bilen baglylykda derňewiň açylandygyny mälim etdi.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке