HG: Marydaky mör-möjekler Tejende hem ýaýraýar

Описание к видео HG: Marydaky mör-möjekler Tejende hem ýaýraýar

Şu günki programmamyzda:

- Mary welaýatynda ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleriň köpçülikleýin ýaýramagy bilen bagly ýagdaý saklanyp galýarka, bular Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda hem köpelýär. Häkimiýetler ýurduň günorta sebitlerinde iki hepdä golaý wagt bäri ýaýraýan we ilaty düýpli biynjalyk edýän tebigy ýagdaý barada dymyşlygyny saklaýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 31-nji iýulda Ahaldan we Marydan maglumat berdiler.

- Türkmenistanyň garrylar öýüne ýaşululary ýerleşdirmäge islegler köpelýär. Garrylar öýlerinde boş ýeriň tapdyrmaýandygyny we esli garaşmaly bolýar diýip, Azatlygyň habarçylary maglumat berýärler. Daşogzuň Ruhubelent etrabyndaky garrylar öýüne nobat iki ýyla ýetýär.

- Bereket we Gyzylarbat etraplarynyň ýerli emeldarlary bugdaýdan boşan ýerleriň saman-sypalyny bu meýdanlarda der döken kärendeçilere berdirmän, daýhan maşgalalarynyň hasabyna gazanç edýärler diýip, Azatlygyň habarçysy 31-nji iýulda habar berdi. Bu maglumat prezidentiň 29-njy iýulda üç sebitiň häkimlerini täzeläp, oba hojalyk pudagyndaky özgertmeler, hususan-da hökümetiň önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek boýunça boýun alan borçnamalaryny ýene bir gezek sözde, dilde tassyklan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке