Nätanyş gyz

Описание к видео Nätanyş gyz

Original sample: https://www.looperman.com/loops?mid=M...
Alada etmäň Jah Khalibam sazy şol bir ýerden aldy.

Nätanyş gyz
Bolanokmy gatnaşyp?
Yok pul, ýok maşyn
Durun garaşyp
Geldim azaşyp
Ýüz ber azajyk

Ýekesireýän
Yüregimi çöpläp
Senden öňki gyz
Çykdy menden ökde

Onda söygi ýok
Mende söygi köpdi
Täzeden ýygnap bolmaz ýaly sökdi

Saňa tarap ädim atdym
Ýüregimiň uruşy täze zatdy
Howadan ysyňy ýene datdym
Kyn bolaýmasa gije ýatmak
Seni pikir edip

Özüme diýýän: "Dursana"
Ýöne tutup bolanok ursaňam
Biderek gürleýän
Ýatdan çykypdyr öýdýän sözleri duzlamak

"Gelme ertir" diydiň
Aslynda göni düşünmelidim sen nirde, men nirde
Bolýar onda men ýöredim


Doglan günüňi bildim
Elim doly gülden
Ýeke arzuwym maňa birje sapar gülseň
Güli uzadýan ýöne
Düşünmän dursyň
Gepi uzatman senem
Diwaryňy gurduň

Ýaralandy gursak
Ýalňyş düşünme nätanyş gyz ýöne
Ýaşyl gözleň seretmäne ýaltanyşy
Meni saklamaz
Seni görüp başym gitdi
Gark bolýan gözleriňde taşlamasaň ýüpi
Garaşaryn
Gapyň agzynda işden çykañda agşam
Gidip bilemok öye başlaly başdan
Öýüňe ugradaýyn aýdan onsoň halamasaň

"Geläý ertir" diýdiň
Yedi otuz
Sowuk seyilgäh ýeke biz gel otur
Ýüregim titreýa uzat eliňi duý
"Saňa öýlenýän meni sozumde tut!"
"Meni sözümde tut!"

Saňa nädip duşanymy aýdyp berjek ogluma
On ýyl bile yoňe entegem seň yanyňa howlugarn men
Birzatlar döwülýä içimde degen wagtym göwnüňe seň
Seni bagtly etsem...

Комментарии

Информация по комментариям в разработке