#eje #ene #kabam #pyragy #walide #magtymguly #magtymgulypyragy #magtymgulynynejesi #Туркменгошгы
Geliň Magtymguly Pyragynyň ejesi barada yazan goshgusyny diňläliň! Goshgunyň ady "Kayda Sen". Diňläň, lezzet alyň!
Magtymguly şahyrymyzyň mähriban ejesiniň ady Orazgül bolupdur. Wideodaky surat 2014nji ýylda çykan Magtymguly kinosyndan alynandyr!
Kaýda sen
Neýleýin, tagty weýran Süleýmanym, kayda sen?
Amanady berer boldum, bir imanym, kayda sen?
Tagty-täjim eýesi, eý, soltanym, kayda sen?
Iki dide görejim, sahypkyranym, kayda sen?
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kayda sen?
Bu pelegiň zulmy bilen birje zaman gülmediň,
Way, purum diýip gala, men misgini almadyň,
Toylarymda şat bolup sen, ajap nazar salmadyň,
Birje zaman eglenip sen ykbalymy bilmediň,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kayda sen?
Ser salyban bu zemine, arzymy men söýlesem,
Taparynmy, mähribanym, jemalyňy gözlesem,
Deste çykyp, zary-giryan, ençe günler bozlasam,
Barça pişeden geçip, men bu jahany yzlasam,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kay da sen?
Gül royuň görmemişem bu pelek gerdişiden,
Bihabar boldy nalaýyp, pelek tutan işiden,
Halas eyläp öter boldy bu pany teşwüşiden,
Indi men geçmisem, waý, bahar, nowruz, gyşydan,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kayda sen?
Ne hasraty ötürip sen, kördür görmez gözlerim,
Uly jemagatlar içre boldy syýa ýüzlerim,
Asal eripdi bu gün zäher bolmuş sözlerim,
Daglarym deşte dönüp, dag bolupdyr düzlerim,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kayda sen?
Yowuz galyp bu jahanda telmurar bu şirin jan,
Sensiz indi men pakyram boldum, neyleý, natuwan,
Gymmatyňdan aýrylypdyr, gözüme zyndan jahan,
Yörisem misli guýun dek, taparynmy bir nyşan,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kay da sen?
Pederim dözmey bu derde, huna boýalmyş Kuýaş,
Ol eziz janyň bilen pelek, meger, kylmyş talaş,
Sil ornuna iki dideýimden akmyş ganly yaş,
Zähri-katyl ýuwudyp men, geýenim kepen puşeş,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kayda sen?
Ger ki bir söweş kylardym alnyda bolsam meger,
Bu hijranyň çarhy bilen neýleý ýandy janu-jiger,
Hazan bady urdy güli, kyldy bagy serbeser,
Käýişimi Hak esitmez, ýanar boldy bu jiger,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kayda sen?
Ýyglar boldy dagy-daşlar ol rowany sil bilen,
Hak alnynda nalyş kylmyş Jeýhun bahry, Nil bilen,
Bag çcinde yesir bolmus bilbil, bakyň, sünbül bilen,
Pederim Azady ýyglar ýomut, gökleň il bilen,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kayda sen?
Pany jahandan gidipdir bakyga gözel aÿyň,
Soltanyndan jyda düşdi, ýyglar boldy saraýyň,
Üzülipdir kirşi onun, oksuz weýrandyr ýaýyň,
Diýdigim galat imesdir, meger, behiştdir jaýyň,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kayca sen?
Aýdadyr Magtymguly, ki, bu dessany bagladym,
Men ki misgin perzendiňem, daga çykyp agladym,
Sorag jaýynda şypa diýip, Ýaradany çagladym,
Goýmaýan panyda bary barçany soragladym,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kayda sen?
Информация по комментариям в разработке