HG: Mugallymlar özlerine amatly wagtda dynç alyşa çykmak üçin müdirlerine para bermeli bolýarlar

Описание к видео HG: Mugallymlar özlerine amatly wagtda dynç alyşa çykmak üçin müdirlerine para bermeli bolýarlar

Şu günki programmamyzda:

- Türkmenistanda Türkmenbaşy-Aşgabat-Türkmenbaşy, Amyderýa-Aşgabat, Serhetabat-Aşgabat we Daşoguz-Aşgabat ugurlary boýunça otly biletleriniň gytçylygy emele geldi. Bu ýagdaý, biletleriň satuwy bilen bagly paranyň möwjemegine we otlulara artykmaç ýolagçy alynmagy bilen bagly ýagdaýyň ozal görlüp-eşidilmedik derejelere ýetmegine getirdi. Gurban baýramynyň yzysüre ýüze çykan transport kynçylyklary barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy iýunda Balkan welaýatyndan maglumat berdi.

- Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde mekdep mugallymlary tomusky dynç alyş günlerinde özlerine amatly wagtda zähmet rugsadyna çykmak üçin, müdirlere bikanun pul bermäge mejbur bolýarlar. Zähmet rugsadyny tassyklatmagyň bahasy käbir mekdeplerde 400 manada çenli çykyp bilýär.

- Russiýa 25-nji iýunda Ýewropa Bileleşiginiň 25 ýurduna degişli dürli habar serişdeleriniň 81 sanysyna elýeterliligiň gadagan edilendigini yglan etdi. Bu çäre ÝB-niň maý aýynda Russiýanyň birnäçe habar serişdesine girizen gadaganlygyna jogap, ar alyş hökmünde düşündirildi.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке