HG: Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär

Описание к видео HG: Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär

Şu günki programmamyzda:

- Lebap welaýatynyň ençeme etrabynda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilip başlandy. Bu barada sebitden maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň habarçylary käbir mekdep müdirleriniň çagalary temmi çäresi hökmünde pagta ýygymyna ugradýandygyny aýdýarlar. Türkmenistanda ýetginjekleriň pagta ýygymyna çekilmegini gadagan edýän buýruk şu ýylyň iýul aýynda güýje girdi.

- Balkan welaýatynda ýerli häkimiýetler orak we çekiç, sowetleriň baýdagy ýaly SSSR-i wagyz edýän nyşanlaryň il arasynda ýaýradylmagyna garşy göreşip başlady.

- Aşgabadyň häkimiýetleri Garaşsyzlyk güni mynasybetli paýtagty arassalamak işlerine üç hepde gowrak öňünden taýýarlanyp başlady. 27-nji sentýabrda geçiriljek baýramçylyk çärelerine we harby parada taýýarlyklar hem güýçli depginde dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке