2024-nji ýyl Türkiýede we Russiýada ýaşaýan migrantlar üçin nähili geçdi?

Описание к видео 2024-nji ýyl Türkiýede we Russiýada ýaşaýan migrantlar üçin nähili geçdi?

18-nji dekabr - halkara migrantlar güni. Şu senä bagyşlap, Azatlyk Radiosynyň “MigrantMedia” taslamasy Türkiýede we Russiýada işleýän Merkezi Aziýaly migrantlar bilen söhbetdeş bolup, 2024-nji ýyldaky tejribelerini we 2025-nji ýyl üçin arzuwlaryny we maksatlaryny sorady.

Şu ýylyň maý aýynda Halkara Migrasiýa Guramasy (IOM) Türkiýedäki migrasiýanyň ýagdaýyna syn berýän hasabatyny çap etdi. Oňa görä, Türkiýe ençeme ýyl bäri uly mukdarda migrantlary, şol sanda Merkezi Aziýaly migrantlary kabul edýär.

Guramanyň hasabatyna görä türkmenler Türkiýedäki bikanun migrantlaryň sany boýunça üçünji orunda bolup, 6288 sany Türkmenistanyň raýaty Türkiýede wizasyz galma möhletinden ýa-da wiza möhletinden artyk galýar. Emma asyl görkezijiler has ýokary çaklanylýar.

Russiýanyň Içeri işler ministrligi ýylyň başynda ýurduň çäginde Merkezi Aziýadan gelen 6 milliondan gowrak zähmet migrantynyň işleýändigini, olaryň aglabasynyň Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistandan bardygyny habar berdi. 2024-nji ýylyň mart aýynda "Krokus Siti Hall" binasynda bolan adam pidaly terror hüjüminden soň, migrantlara garşy reýidler we barlaglar güýçlendi. Netijede müňlerçe daşary ýurtly watanyna deportasiýa edildi.

Dünýäde migrantlaryň sanynyň köpelmegi bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2000-nji ýylda 18-nji dekabry Halkara Migrantlar güni diýip yglan etdi. Bu günüň esasy maksady migrantlaryň jemgyýetiň ösüşindäki ornuny we goşandyny ykrar etmekdir.

Wideo: “MigrantMedia”   

#MigrantMediaCentralAsia #rfe_rl

Комментарии

Информация по комментариям в разработке