Türkiýede ýiten ogluny gözlemäge gitmek isleýän maryly kaka türk wizasy berilmedi

Описание к видео Türkiýede ýiten ogluny gözlemäge gitmek isleýän maryly kaka türk wizasy berilmedi

Türkiýede ýitirim bolan ogluny gözlemek üçin türkmen halkyndan kömek sorap, sosial ulgamda wideo paýlaşan maryly raýata türk wizasy berilmedi. Bu barada maglumat berýän ýagdaýlardan habarly türkmen aktiwisti we maşgalanyň ýakyn garyndaşy wizanyň berilmezligine türkmen häkimiýetleriniň täsir edendigini aýdyp, maşgalanyň basyş astynda galýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji maýda maglumat berdi.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке