Era89 ft. Selbi T. - Ashgabat Agshamlaryñ (Official Audio Music)

Описание к видео Era89 ft. Selbi T. - Ashgabat Agshamlaryñ (Official Audio Music)

#Era89 #SelbiT #Ashgabat

INSTAGRAM PAGES OF ARTISTS:
  / era89_imurat  
  / selbi_t  

LABEL INSTAGRAM PAGE:
  / bkmediashow  

INSTRUMENTAL MIX & MASTERING:
  / shamah.singer  

Sözleri / Lyrics / Слова:
Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Dogulyp, önüp-ösen ýerim - mährem şäherim
Sähel äheňimde gaýgy bolsa duýýarsyň senem
Terbiýäm saňa mälim, mekdebiňde aldym tälim
Nirede bolamda-da ýolum, saňa tarap ädim
Asmandan seredemde uçamda uçarda
Aklygyňda duýýan özümi misli uçmahda
Hiçmahal görmändim men beýle ajap suraty
Aşyklaryň şäheriniň söýgider syraty
Käte men keýpine küýsäp bir salym howaňy
Tükeniksiz çatryklaryň ýeke bolýan dowamy
Alişer Nowaýy, Andalip ýa Şaýoly
Islendik künjegiňde perwana kalbym doly
Sen janly syrdaş, sen wepaly dost hem öýüm
Seň bilen göwnüme düwen zadym tapýar ýerin
Gutlaýan ýubileýiň - bir ýüz kyrk ýaşyňy
Senden alýan ylhamy - Aşgabadyň agşamy

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Tarypyňam söz bilen
Hem-de şirin saz bilen
Aýlap älem jahana
Ýakymly owaz bilen

Döwrebap görküň, alar erkini her kimiň
Berkeýärkä binýadyň öwrülip ertekä her güniň
Ýüreklerde ýörgünli aýdym sen hakda taryp
Bu günki üstünligiňe guwanýar geçmişli taryh
Daň güneşiň şöhlesinden gije aý yşygyna
Ýaz, tomus, güýz, gyş sen öz gelşigiňde
Ýer şarynda öwrüldiň - Aziýanyň merjenine
Ak paýtagtyň ak ýoly eltýär röwşen geljegiňe
Göýä sazyň owazyna maýyl bolasy gelip
Çüwdürimler bäs edýär özara başyny egip
Gelip giden myhmanyň hersi saňa haýranly
Köpetdagly başyň görjek kän gözler armanly
Gözýetimiňde uzan arzuwlam hasyl, şükür...
Bar eziz ogul-gyzym, başga bagty etmen pikir
Seň boýnuňda däl ýeke, ähli ýürekler bir bitin
Aşgabat – her harpyňda ullakan söýgi ýatyr

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке