HG: Çilimiň bahasy 100 manada çykdy, sil suwlarynda zaýa bolan çilimler 35-40 manatdan satylýar

Описание к видео HG: Çilimiň bahasy 100 manada çykdy, sil suwlarynda zaýa bolan çilimler 35-40 manatdan satylýar

Şu günki programmamyzda:

- Öňümizdäki ýyla çenli ýurdy temmäki önümlerinden arassalamagy meýilleşdirýän Türkmenistanda çilimiň bahasy birden iki esseden gowrak gymmatlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatynda birnäçe gün ozal bir gutusy 50 manatdan satylan çilimleriň bahasynyň 100 manada çykandygyny habar berýärler.

- Özbek metbugaty türkmen sürüjileriniň serhetdäki “Farap” geçelgesinden Özbegistana goýberilmezligi netijesinde dörän krizisiň saklanyp galýandygyny, beýleki ýurtlaryň sürüjileriniň wiza almagynda we ýurda girmeginde hiç bir kynçylygyň ýokdugyny habar berýär. Türkmen sürüjilerine wiza berilmezligi resmi Aşgabadyň beýleki ýurtlaryň raýatlary babatynda alyp barýan wiza syýasaty bilen bagly bolup görünýär. Bu krizis apreliň ortalaryndan bäri dowam edýär we serhetde ýüzlerçe türkmen ulagynyň toplanmagyna sebäp boldy.

- Lebabyň we Daşoguzyň orta mekdeplerinde 25-nji maýda geçiriljek “soňky jaň” dabaralaryny “doly türkmenleşdirmek we özbek elementlerinden saplamak” barada dil üsti bilen tabşyryk gelip gowuşdy. Bu barada habar berýän ýerli bilim işgärleri “soňky jaň” dabarasy bilen bagly “millilik talabynyň” bu ýyl ozal görlüp-eşidilmedik derejä ýetendigini aýdýarlar.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке