HG: Iri telekeçiler, ýokary wezipeli emeldarlar Arkadag şäherinden jaý satyn almaga höweslendirilýär

Описание к видео HG: Iri telekeçiler, ýokary wezipeli emeldarlar Arkadag şäherinden jaý satyn almaga höweslendirilýär

Şu günki programmamyzda:

- Aşgabatda ýerleşýän iri hususy kärhanalaryň eýeleri we ýokary wezipeli döwlet emeldarlary Arkadag şäherinden täze ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga höweslendirilýärler.

- Maryda çagalaryň arasynda gepatit, sarygetirme keseli ýaýraýar. Häzirki wagtda sebitiň ýokanç keselleri hassahanalarynda bu keselçilikden saglyk bejergisini alýan çagalaryň sany göz-görtele köpeldi.

- Adatça balygyň bol bolýan wagtynda, iýul aýynyň ortalarynda bazarda satylýan balygyň bahasy 25-30% gymmatlady, ýolda awtoulag sürüjilerini saklaýan polisiýa işgärleriniň balykly soragy köpeldi diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär. Goly ýuka maşgalalaryň bazardan balyk satyn almak mümkinçiligini öňküsinden hem pese gaçyran ýagdaý Amyderýadan balyk tutmaga girizilen näresmi gadaganlyk, döwletiň balyk hojalygyndaky meseleleri mejbury zähmetiň hasabyna çözmek synanyşygy bilen baglanyşdyrylýar.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке