Muhammet Mansur Şyh zyýarathanasy | ضريح محمد منصور شيخ

Описание к видео Muhammet Mansur Şyh zyýarathanasy | ضريح محمد منصور شيخ

Türkmenistanyñ çäklerinde zyýarat edilýän keramatly ýerler diýseñ köp! Ṣol ýerlerden birde-de ozal kän bilinmeýän, häzirki wagtda zyýaratçylaryñ köp barýan ýeri Muhammet Mansur Şyh zyýarathanasydyr…
Bu keramatly ýere Aşgabatdan ugranyñda Tejen etrabynyñ üsti bilen ýa-da Mary welaýatynyñ Sakarçäge etrabynyñ üsti bilen hem baryp bolýar. Iki ýolam Garamgum çölüniñ üstünden geçýär. Muhammet Mansur Şyhyñ aram tapan ýeri töwereginde ýaşaýyş görünmeýän çöllükde ýerleşýär.
Muhammet Mansur Şyh hakynda häzire çenli anyk maglumat gabat gelmeýär. Bu ýerin käbir dindar adamlarynyñ aýtmagyna görä, onuñ suw bilen akyp şu ýere gelendigini aýtýarlar.
Bu ýere geleniñde unaş kesip, ony bişirýän adamlary görersiñiz. Unaşy Şyh Mansuryñ iñ halan nahary bolupdyr. Şol sebäpdenem zyýarat gelýän adamlar ilki bilen bu nahary bişirýärler we Muhammat Mansur Şyha töwür etdýärler. Soñra bolsa zyýaratçylyk malyñ etinden nahar taýýarlap, aýat töwür edip, Şyhyñ aram tapan ýerlerine zyýarat edýärler!
Muhammet Mansur Şyhyñ kümmeti bişen kerpiçlerden bina edilip, ýüz tarapyndany penjiresinin ýokarky böleginde "Muhammet Mansur Şyh" diýilip ýazgy ýerleşdirilipdir. Kümmetiñ ýokarky bölegi gümmez bilen bitewleşip, onuñ ýokarysy ýarym aý şekilim bilen tamamlanýar. Aramgähiñ içindäki merkezinde Muhammet Mansur Şyh aram tapypdyr. Içiki binagärligi gündogar stilinde bolup, kerpiç örme nagyşlar sazlaşypdyr.
Zyýarathananyñ ýenede ünsüñi çekýän zat, bu ýerdäki durşyna bişen kerpiçden bina edilin Metjidiñ binasydyr. Onun öz boluşly arhitekturasy bar.
Bu keramatly ýerde myhman jaýlary, basdyrmalar, gap-gac saklanýan jaýlar, doga edilýän otaglary elektirik togy bilen üpjin edilendir. Şolar bilen birlikde tärethanalar, içimlik we gap ýuwmak üçin suw, el telefonynde gürrleşmek üçin antenleriniň ýerleşdirlip şertler döredilendigini hem aýtmak isleýärin!
Bu ýere gelip doga-dileg etjek ähli doganlarymyzyñ doga-dileglerinin kabul bolmagyny arzuw etýärin!

Music Info:
TELİFSİZ MÜZİK (UYAN EY GÖZLERİM) ENSTÜRÜMANTAL
Music Link:
   • TELİFSİZ MÜZİK (UYAN EY GÖZLERİM) ENS...  

Комментарии

Информация по комментариям в разработке