Agamyrat Kürt (Öwezmämmedow) | Gurt Ýakupdan ýol alyp, ýol döreden, modern OZAN!

Описание к видео Agamyrat Kürt (Öwezmämmedow) | Gurt Ýakupdan ýol alyp, ýol döreden, modern OZAN!

Bu wideoda Türkmenistanyñ at gazanan artisti Agamyrat Öwezmammedow ýagny, il içinde Agamyrat Kürt ady bilen tanalýan Halk we Gündogar aydymlarynyň ussady bilen söhbetdeşlik guradyk. Özüniň sungat ýoly, sungatdaky ýatlamalary we halypalar bilen başdan geçiren wakalary barada gürrüň etdik.
Agamyrat Kürt onlarça bagşynyň halypasy bolan halk bagşymyz Gurt Ýakubyň şägirdidir. Gurt Ýakubyň gündogar sungatynyň ses tehnikalaryny türkmen halk aýdymlarymyzdaky ýerine ýetiriş tehnikasy bilen harmanlap bir ýol döretdi. Agamyrat Kürt bolsa Gurt Ýakubyň guran ýoluna Azerbaýjan ses tehnikalarynam goşup, özboluşly bir ýol döreden halypa derejesindäki modern ozanymyzdyr.

Siziň maglumat edinmegiňizi we wagtyňyzy hoş geçirmegiňizi maksatlap taýynlaýan bu wideolarymyzy LIKE basmak, AGZA bolmak, PAÝLAŞMAK arkaly goldap bilersiňiz. Şeýtseňiz biziňem azabymyzyň ýerine düşdügi bolar!

Комментарии

Информация по комментариям в разработке