HG: Lebapda we Aşgabadyň käbir etraplarynda internet birnäçe sagatlap petiksiz işledi

Описание к видео HG: Lebapda we Aşgabadyň käbir etraplarynda internet birnäçe sagatlap petiksiz işledi

Şu günki programmamyzda:

- 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde uly dabara bilen düýbi tutulan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna niýetlenip, serhede eltilen gaz turbalary yzyna, Türkmenistanyň gaz gurnama trestlerine alnyp gidildi diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi aýdýar.

- 16-njy sentýabrda Lebap welaýatynda we Aşgabat şäheriniň käbir etraplarynda 4 sagatlap internet bökdençsiz işledi. Bu ýagdaý VPN-leri ulanmazdan ýurduň çäginde petiklenen sosial ulgamlary, mesenjerleri ulanmak we petiklenen alternatiw habar beriş serişdeleriniň web sahypalaryna girmek mümkinçiligini döretdi.

- Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 16-njy sentýabrda kansler Olaf Şolz bilen söhbetdeşlikde rus goşunynyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda "ýeňlip bilinmejekdigini" aýtdy we Hytaý, Brazil tarapyndan öňe sürlen parahatçylyk meýilnamasyna goldaw berilmegine çagyrdy, emma german lideri bu pikiri ara alyp maslahatlaşmagy ret etdi.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке