Sosial torlarda galp türkmen pasportyny hödürleýänleriň üsti açyldy

Описание к видео Sosial torlarda galp türkmen pasportyny hödürleýänleriň üsti açyldy

Azatlyk Radiosynyň “Migrant-Media” taslamasynyň derňewi netijesinde daşary ýurtlarda galp tükmen biometrik pasportlaryny taýýarlamak işleri bilen meşgullanýandygyny aýdýan adamlar anyklandy. Bu iş bilen meşgullanýanlaryň biri, özüni Begzod diýip tanadan özbegistanlydygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä ol Moskwa şäherinde hereket edýär we öz hyzmatlaryny Telegram arkaly türkmen migrantlaryna hödürleýär.

Begzod:”Pasportynyň möhleti dolan türkmen migrantlary onuň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar we Watanyna dolanmak isleýän migrantlar üçin bu pasport uly töwekgelçilik döredýär” diýip aýdýar.

“Türkmen migrantlary türkmen hökümetiniň pasport möhletini uzaltmakdan ýüz öwürmegi sebäpli, şeýle jenaýatçy toparlara ýüz tutmagy mejbur bolýarlar” diýip, Polşanyň Warşawa şäherinde ýaşaýan türkmenistanly migrant we şaýat aýdýar.

Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, türkmen migrantlary daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalarynda biometrik pasportlaryny çalşyp bilýärler.

Emma Türkmenistanyň hökümeti ençeme ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen migrantlaryna diplomatik wekilhanalarynyň üsti bilen biometrik pasportlaryny täzelep bermeýärler.

Wideo: “Migrant Media” 

#MigrantMediaCentralAsia

Комментарии

Информация по комментариям в разработке