HG: Lebapda okuwçylara ABŞ-nyň bilim programmasyna gatnaşmazlyk 'maslahat berilýär'

Описание к видео HG: Lebapda okuwçylara ABŞ-nyň bilim programmasyna gatnaşmazlyk 'maslahat berilýär'

Şu günki programmamyzda:

- “Biziň öz halkymyz ykdysady kynçylyklardan, şol sanda dizel we benzin gytçylygyndan ejir çekýän mahaly, Owganystana muzdsuz iberilen ynsanperwer kömegine düşünmän galdyk” diýip, ýaňy-ýakynda türkmen-owgan serhedinde bolup geçen açylyş çärelerine mejbury çekilen maryly ýaşaýjylaryň birnäçesi aýdýar.

- Türkmenistanyň gündogar sebitiniň mekdeplerinde okuwçylaryň ABŞ-nyň FLEX programmasyna gatnaşmazlygy üçin düşündiriş işleri geçirilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara bilim boýunça geňeşiniň ýokary synp mekdep okuwçylaryna bir okuw ýylyny Birleşen Ştatlarda okamaga mümkinçilik berýän programmasyna kabul edişlik üçin synaglaryň wagtyny yglan eden döwrüne gabat gelen bu ýagdaý barada Azatlygyň Lebapdaky habarçysy we çeşmeleri 13-nji sentýabrda habar berdiler.

- ABŞ prezidenti Jo Baýden we Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer Ukraina berlen uzak aralyk ýaraglary bilen bagly çäklendirmeleriň gowşadylmagyna özleriniň has oňyn garap başlandyklary baradaky yşaratlaryň we alamatlaryň arasynda Waşingtonda duşuşýar. Moskwa Kiýewe rus çäginiň içine zarba urmak mümkinçiliginiň berilmegine garşy berk duýduryş berýär.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке