HG: Türkmenistanda 50 gradus yssyda ilat uzak wagtlap toksuz we suwsuz galýar

Описание к видео HG: Türkmenistanda 50 gradus yssyda ilat uzak wagtlap toksuz we suwsuz galýar

Şu günki programmamyzda:

- Türkmenistanda iri şäherlerde elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär. Aşa yssy howada ilatyň toksuz we suwsuz galýan wagty ençeme sagatdan birnäçe güne çenli uzaýar. Azatlygyň habarçylary Balkanabat, Türkmenbaşy, Mary we Aşgabat şäherlerinde soňky günlerde ýüze çykan ýagdaýlar barada habar berýärler.

- Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde gapyma-gapy aýlanyp, raýatlardan çagalarynyň köne okuw esbaplaryny we eşiklerini bermegi soraýan ene-atalaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Lebabyň Türkmenabat şäherinde mugallymlar ene-atalara bu ýyl mekdebe başlajak çagalara okuw esbaplarynyň sowgat berilmejekdigini duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 29-njy iýulda Balkandan we Lebapdan maglumat berdiler.

- "Bu 'döwletiňki bitsin, raýatyňky ýitsin' diýildigi bolýar" diýip, ýerli hünärmen aýtdy. Döwlet tabşyrygy esasynda şaly eken hojalyklaryň suw zerurlyklarynyň ýönekeý adamlaryňkydan ileri tutulmagy daşoguzly daýhanlaryň nägileligini güýçlendirýär, häkimlik olara ilkinji orunda döwlet meýilnamasynyň durýandygyny aýdypdyr. Bu ýurtdan daýhanlaryň ala tutulyşy barada gelen ilkinji habar däl. Nobatdaky suw habary bolsa, türkmen we özbek topraklarynda ýerleşýän Sarygamyş kölüniň suwunyň çekilýändigi baradaky maglumatyň çykan wagtyna gabat geldi.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке