HG: Talyplardan awtoulagynyň ýokdugyny subut etmek talap edilýär

Описание к видео HG: Talyplardan awtoulagynyň ýokdugyny subut etmek talap edilýär

Şu günki programmamyzda:

- Welaýatlaryň ýerli ilat köpçüligi şu günler pagta ýygyma gatnaşýar. Býujet işgärleri pagta meýdanlaryna zor bilen ugradylyp, goşmaça pul tabşyrmaga mejbur edilýärkä, ýygymçylar gazanç etmek üçin pagtany meýletin ýygýarlar. Emma käbir ýygymçylaryň döwlet nyrhynyň ýokarlanmagyndan soň şu ýyl pagtadan etjek gazanjynyň hem artmagyna eden umydy puja çykypdyr. Ýygymçylaryň tabşyran pagtasynyň nyrhynyň daşynda dawaly ýagdaýlar Balkanda we Lebapda ýüze çykdy.


- Mary welaýatynda raýatlaryň öňi AK bilen başlaýan şahsy awtoulaglarynyň döwlet belgileri ellerinden alynýar. Häkimiýet wekilleri munuň sebäbini diňe “bolanok” diýmek bilen düşündirip, ulag eýelerinden täze döwlet belgilerini almagy talap edýärler.


- Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň (ÝOJ) talyplaryndan awtoulagynyň ýokdugyny subut etmek talap edilýär. Olardan bu barada degişli welaýat Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) ulaglary hasaba alyş bölüminden alnan kepilnamany ÝOJ-lara tabşyrmak soralýar. Talyplardan sürüjilik şahadatnamalaryny hem okuw jaýynyň ýolbaşçylaryna tabşyrmak talap edilýär.


- Ukraina 29-njy awgustda, Russiýanyň Kiýewe we tutuş ýurda gönükdirilen täze zarbalaryny urýan wagtynda, ýurt garaşsyzlygyny gorap wepat bolanlaryň Hatyra gününi belledi.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке