HG: Häkimiýetler nägile raýatlardan nägile bolýar

Описание к видео HG: Häkimiýetler nägile raýatlardan nägile bolýar

Bu günki programmamyzda:

- Türkmen häkimiýetleri, dowam edýän azyk gymmatçylygynyň arasynda, öz raýatlaryny yzarlamak işlerini güýçlendirýär. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabatda ýerleşýän dükanlarynda goşmaça wideo we audio gözegçilik enjamlary oturdylýar.

- Türkmenistanda balyk elýeterliligi köplenç mesele bolmagynda galýar, ýöne soňky üç aýda bu önüm günbatardaky Balkan sebitinde hem "gözden uçýar". Balygyň "ýiti gytçylygy we gymmatçylygy göze ilýärş" diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 2-nji maýda habar berdi. Türkmenbaşynyň we Balkanabadyň daýhan bazarynyň balyk dükanlarynda balyk indi 3 aý bäri tasdan satylmaýar, Azatlyga pikirini aýdan balykçy balyk gytçylygyny we gymmatçylygyny döwlet emeldarlarynyň soňky bir ýylda balykçylara görkezen gysyşlary bilen düşündirdi diýip, redaksiýa gelen maglumatda aýdylýar. Synçylar häkimiýetleriň 'gazanan azyk howpsuzlygynyň arzuwdygyny' belleýärler.

- Gürjüstanyň polisiýasy öten agşam, Günbataryň munuň Gürjüstanyň Ýewro-Atlantik guramalaryna goşulmak tagallalaryna ýetirjek zyýany barada eden duýduryşlarynyň arasynda, parlamentiň gapma-garşylykly daşary ýurt täsiri kanun taslamasyny öňe sürmegine garşy birnäçe hepde bäri dowam edýän köpçülikleýin protestleri basyp ýatyrmak üçin suw toplaryny, göz ýaşardyjy gazlary we rezin taýaklary ulandy.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке