Magtymguly Garly - Balsaýat,.

Описание к видео Magtymguly Garly - Balsaýat,.

Магтымгулы Гарлыев 6(58_72)
1950-nji ýylyň başlarynda şol wagtky Aşgabat obasynyň arçyny Çuwal bagşyny toýuna çagyrýar.
Magtymguly Garly arçyndan hem telegramma, hem telefon arkaly habar gelenden soň, toý başlanmazyndan iki gün öň Aşgabada gelýär.
Şol gün agşam, ertesi gündiz, soň toý güni üýtgeşik joşgun bilen Çuwal bagşy aýdym aýdyp beripdir. Ol toýa Sahy Jepbarow, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Geldi Ugurlyýew, Sapar Mämiýew, Giçgeldi Amanow, Kiçi Geldimyradow, Gurbandurdy Jeňow, Jepbar Hansähedow, Nurmyrat Annaýew we beýleki bagşy-sazandalar gatnaşypdyrlar.
Magtymguly bagşy her aýdymy aýdanda, meşhur bagşy Sahy Jepbarow sagbolsunyny ýetiripdir.
Magtymguly bagşynyň bokurdagynda edýän jukguldylary, «Balsaýadyň» aýdylyşy, ajaýyp owaz, utgaşyp gidýän saz adamlary jadylap taşlapdyr.
Bu aýdym gutaransoň, türkmen sazynyň goja bagbany Mylly Täçmyradow:
— Ine, adamlar! «Balsaýadyň» gudrat derejesinde aýdylyşyny gördüňiz. Şeýle köp öwrümli ajaýyp «Balsaýadyň» aýdylyşyny şu gün gördük. Bu günki gaýtalanmajak aýdymlaryň, sazyň üçin sagbol, taňryýalkasyn, halypa — diýýär. Türkmenistanyň halk artisti Pürli
Saryýew bolsa:
— Adamlar, biz şu gün Çuwal bagşynyň kâmil derejä galdyryp giden bir aýdym-saz dünýäsini gördük, diňledik. Bu her bir bagşynyň elinden gelýän zat däl — diýýär.
Iň soňunda Sahy Jepbarow:
— Doğrudanam, gudrata gudrat diýmeli. Hut şonuň üçin hem eline dutar alan Çuwal bagşa «Halypa» diýip ýüzlenýär. Oňa Çuwal bagşy diýmän, Umman bagşy diýseň dogry bolar. Munuň özi tükeniksiz aýdym-sazyň hazynasy — umman — diýýär.
Magtymguly Çuwal şonda şeýle diýýär:
— How, adamlar, indi meni öwmekden başga gürrüň tapmadyňyzmy? Biziň her birimiz türkmen aýdym-sazyna öz goşandymyzy goşmak üçin işleýäs. Ynha, Sahy janam özbaşyna bir dünýä. Mylly bilen Pürli bolsa türkmen sazlarynyň ussatlary, her haýsy bir uly dagyň bölegi. Iň esasysy bolsa bu senede ikilik etmän, halka ak ýürekden hyzmat etmekdir. Ine, aýdym-sazyň maksady şol — diýipdir.
Bagşylar obasy adyny göteren gadymy Aşgabat obasynda türkmen aýdym-saz ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary toý mârekesinde ýatdan çykmajak tâsirleri galdyrypdyr. Bu toýuň geçişi barada Baýram Meläýew «Çuwal bagşynyň ýoly» atly ýatlama kitabynda hem beýan edipdir.
Çarymyrat GARAHANOW. (“Edebiýat we sungat” gazeti. №36 7.09.2018)

Комментарии

Информация по комментариям в разработке