Magtymguly Garly 4

Описание к видео Magtymguly Garly 4

Магтымгулы Гарлыев4(30_43)
«Ýar gyrmyzy geýinipdir»
Magtymguly Garlyýewden galan aýdym ýaz-
gylarynyñ arasynda juda belent çeküwde aýdylýan «Ýar gyrmyzy geýinipdir» diýen aýdym bar.
Bagşynyň özi bu aýdymy «Börek döken» diýip
aýdar ekeni. Yöne ýazgy edilende, aýdymyň ady üytgedilipdir.
Bagşy Kakadan Daşoguza ilki baranda, Allanur baýyñkyda düşleýär. Allanur baý aýdym-saza sarpa goýýan adam bolupdyr. Ol Magtymgulyny gowy garşylap, esli wagt öyünde saklapdyr.
Bagşyçylyk ýoluna damana, ahal ýollaryndan
başlan bagşy, Daşoguza aralaşyp, ýomut-gökleň, çowdur ýollarynyň aýdymlaryny ürç edip öwrenmäge başlaýar. Her gezegem täze öwrenen aýdymyny gelip, Allanur baýa aýdyp berer ekeni.
Bir gezegem Magtymguly Garly «Saýatly
Hemra» dessanyndan bir goşga özüçe heñ
taslaýar. Ony boldum edibem, Allanur baýa
aýdyp berýär. Şol mahal Allanur baýyň aýaly
ak öýüň işigindäki ýarma ojakda börek bişirip
oturan ekeni. Aýdyma bütin durky bilen berlen
aýal gazandan çykaryp oturan böreklerini ça-
naga saldymmykam diýip küle döküp oturan
bolsa nätjek?!
Aýdym gutaransoň, Allanur baý:
Oglum, bu aýdymyñ ady näme bolmaly?
diýip sorayýar. «Gelnejemiñ bolup oturyşyna
seret» diýip, daşary ümlän bagşy:
Allanur aga, bu aýdymyň ady «Börek dö-
ken» bolsa gerek - diýip ýylgyrypdyr.
/Edebiýat we sungat, 06.07.2018/

Комментарии

Информация по комментариям в разработке