HG: Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünäri boýunça 60 kwota bölünip berildi

Описание к видео HG: Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünäri boýunça 60 kwota bölünip berildi

Şu günki programmamyzda:

- Birnäçe minutdan wezipelerini ýitirjek häkimler öz ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde alnyp barylýan işler barada ýene bir gezek 'kanagatlanarly' hasabat berdiler. Ýene bir gezek sebit häkimleri çalşyldy, ýöne ýurduň oba hojalygynda dowam edýän agyr ýagdaý barada hiç bir zat aýdylmady. Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen daýhanlar näçe ýolbaşçy çalşylsa-da, hiç bir meseläniň çözülmeýändigini, häkimleriň ýerli halk tarapyndan saýlanmalydygyny, olary ýokardan bellemegiň netije bermändigini aýdýarlar.

- Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) käbirinde 2024-2025-nji okuw ýyly üçin türkmen dili hünäri boýunça döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän 60 kwota bölünip berildi. Bu barada garaşsyz neşir “turkmen.news” habar berýär. Bu waka, Türkmenistanda milli azlyklaryň öz dilinde bilim almak we medeni hukuklarynyň ýagdaýyna ýene bir gezek üns çekdi.

- ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň müdiri "daşary ýurtly aktýorlaryň" noýabr aýynda geçiriljek saýlawlara gönükdirilen "täsir operasiýalaryny" amala aşyrýandyklaryny we meýilleşdirýändiklerini, şol bir wagtda-da, "ellerini has gowy gizlemek" üçin has çeýe, takyk taktikalary ulanýandyklaryny aýtdy.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке